- mal
- [ma:l]1) Zoologiýa Oba hojalygyndaky ownukly-irili haýwanlar (dowar we iri mallar hakynda).∙ Mallaryň hem olaryň dersleriniň dymyljyk ysy ösýän şemala aralaşyp, Hoşgeldiniň burnuna urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Olar ekerançylygy-da, mal edinip köpeltmegi-de bilmändirler. (Gadymy Dünýä Taryhy)∙ Başy sagyň, maly tükel. (Nakyl)∙ Mal eýesiniň gözünden suw içer. (Nakyl)∙ Mal eýesine çekmese, şumluk. (Nakyl)2) Göçme manyda Haryt, zat.∙ Pagtaň barmy --däne-de seniň çuwalyňda, senagat mallary hem seniň sandygyňda. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)3) Küştçülik termini Küştüň iri çöpleri (perzi, pil, at, ruh).∙ Küştüň mallarynyň atlarynyň gelip çykyşy örän gyzyklydyr. («Pioner» žurnaly)◊ gaçak mal — Gadagan haryt.◊ gara mal — Şahly iri mallar.◊ mal janly — Maly gowy görýän (adam).∙ Men-ä Muhammet ýaly halkyň gamyny iýýän mal janly, eli nanly başlyk gören däldirin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ mal kesmek — Gyzyň galňyny kesgitlemek.∙ Ol gyzyna mal kesip galňyny aýtman, ujundan mal geçirtmän, biziň öňümizde bu şertleri goýýar, ine, şunsy düşnüksiz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ mal ýitirmek — Küşt oýnunda mugt aldyrmak, malyňy gidermek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.